«Türkmenfilm» «Tikenjik bilen Mymyjyk» multserialynyň täze bölümlerini taýýarlap başlady

MilliInfo

24 Sentýabr, 2025

«Tikenjik bilen Mymyjyk» atly multserialyň 1-nji we 2-nji bölümleri «Ýaşlyk» teleýaýlymynda we «BeletFilm» platformasynda halk köpçüligine ýetirildi. Häzirki wagtda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Tikenjik bilen Mymyjyk» atly multfilmiň 3-4-nji bölümleriniň üstünde işleýär.

Bu türkmen multserialynyň «Gowy gün» atly seriýasy Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 4 — 7-nji awgustynda Gazagystanda geçirilen Halkara Ülker animasiýa festiwalyna gatnaşdy.

Bu multserial 6 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenip, Tikenjik atly kirpijik bilen Mymyjyk atly towşanjygyň başdan geçirýän gyzykly wakalaryny hödürleýär.

2D görnüşinde taýýarlanylýan «Tikenjik bilen Mymyjyk» atly multfilmiň gahrymanlary hemişe wagtlaryny bile geçirýärler. Olar gyzykly oýunlary agzybirlikde oýnaýarlar, ulularyň sözüne gulak asýarlar, biri-birini begendirmegi gowy görýärler, ýalňyşan ýerlerinde ötünç soramagy-da başarýarlar. Olaryň täsirli başdangeçirmelerine tomaşa etmek ähli çagalar üçin gyzykly bolsa gerek.

Multserialyň internet salgysyny almak üçin 0530 gysga belgisine 871 ýazyp, sms habaryny ugradyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo