Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmengaz» döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalar üçin zerur bolan möçberdäki tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksadyna gönükdirilendir.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna zerur bolan enjamlary satyn almak barada «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, şeýle hem gullugyň kärhanalarynyň önümçiliginiň döwrebap işini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
