«Türkmengaz» we «CNPC» kompaniýasy «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň täze tapgyryna başlady

MilliInfo

Türkmenistanda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna resmi taýdan badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 20-nji martda çykaran Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikdäki taslamany amala aşyrmaga girişdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili hökmünde ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen bilelikde gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüni tutdy.

Dabaraly çäräniň çäklerinde gaz käninde täze ulanyş guýularyny burawlamaga we gaz düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu tapgyryň esasy maksady — ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlamaga ukyply bolan kuwwatlyklary ulanmaga bermekden ybaratdyr.

Taslama Hytaýa tarap eksport geçelgesini giňeltmäge, täze iş orunlaryny döretmäge we Türkmenistanyň ählumumy energetika giňişligindäki ornuny berkitmäge gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info