«Türkmenhowaýollary» ajaýyp ýeňilligini hödürleýär: halkara uçuşlarynda 12 ýaşa çenli çagalaryňyzyň peteklerini tölegsiz alyp bilersiňiz

MilliInfo

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy watandaşlarymyzyň çagalary bilen daşary ýurtlardaky dynç alyşlarynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, ajaýyp mümkinçiligini hödürledi. Şunlukda, awiakompaniýa halkara uçar gatnawlarynda çagalar üçin ýörite ýeňilligini yglan etdi. Has takygy, ata-eneler 1-nji maý 30-njy iýun hem-de 1-nji sentýabr 30-njy oktýabr aralygynda görkezilen 7 ugur boýunça 12 ýaşa çenli çagalarynyň uçuş peteklerini hiç bir tölegsiz alyp bilerler:

  • Aşgabat — Kuala-Lumpur

  • Aşgabat — Hoşemin

  • Aşgabat — Seul

  • Aşgabat — London

  • Aşgabat — Bangkok

  • Aşgabat — Frankfurt

  • Aşgabat — Milan

    Ajaýyp ýeňillik çagalaryňyz üçin dünýäni açmaga, täze täsirlere eýe bolmaga we dynç alşyňyzyň ýatdan çykmajak öwüşginlere beslenmegini üpjün etmäge şert döreder.

    Habarlaşmak üçin: 39-17-17

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info