Türkmenistan — ABŞ: hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo
Türkmenistan — ABŞ: hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün — 22-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler konstruktiw türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalarynyň bardygyny tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info