Ýurdumyzda «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparynyň garşysyna geçirjek duşuşygyna güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Duşuşygyň petekleri Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web saýtynda hem-de «Sanly şäher» mobil goşundysynda onlaýn görnüşde satuwa goýuldy.
***
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan 500 sany meýletinçi saýlanylyp alyndy. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar we futbol toparlary bilen işleşmek üçin daşary ýurt dillerini kämil bilýän 15 sany meýletinçiden ybarat ýörite topar we media hyzmatlaryna ýardam berjek sport žurnalistikasy hünäriniň 15 sany talybyndan düzülen meýletinçi media topary döredildi.
***
Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan şäheriň şaýollarynda, fan-zolaklarynda, LED ekranlarynda, şeýle-de stadionyň içinde we daşynda bezegleriň hem-de mahabat serişdeleriniň ýerleşdirilmegi üpjün edilýär.
***
Dokma kärhanalarynda «Arkadag» futbol toparynyň janköýerleri üçin dürli reňkdäki şarflardyr lybaslar öndürilýär.
***
Duşuşyga taýýarlyk görülýän we onuň geçirilýän günlerinde meýletinçiler we talyplar mugt awtobus hyzmaty bilen üpjün edilýär.
***
Duşuşygyň geçiriljek gününde şäherde goşmaça awtobus ugurlary açylar, wagtlaýyn duralgalar guralyp, awtobuslardyr taksileriň ýüzlerçesi janköýerleriň ygtyýarynda bolar.
***
«Arkadag» futbol topary — türkmen futbolynyň geljegi we buýsanjy» atly mediaforumy geçirmek hem meýilleşdirilýär.
***
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde Olimpiýa stadionynda geçiriljek medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine taýýarlanylýar. Bu çäreler duşuşyga baýramçylyk ruhuny bermäge gönükdirilendir.
Hawa, 2023-nji ýylyň baharynda döredilen topar täzeden-täze rekordlar we ýeňişler bilen barha öňe ilerleýär. Indi onuň has güýçli bäsdeşler bilen boljak duşuşykda özüni görkezjek wagty geldi. Sanlyja günden Olimpiýa stadionyny doldurjak 45 müň tomaşaçynyň gyzgyn goldawyndan ruhlanyp, «Arkadag» topary mynasyp oýny bilen janköýerlere unudylmajak pursatlary bagyşlar.