Türkmenistan — Astrahan: ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew Astrahan oblastynyň wekiliýeti bilen iş duşuşyk geçirdi. Wekiliýete oblastyň wise-gubernatory Denis Afanasýew ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikler Russiýanyň wekilleriniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns sebitleriň arasynda howa gatnawynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Astrahan oblastynyň wise-gubernatory Denis Afanasýew syýahatçylygyň we işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin Astrahan – Türkmenbaşy göni ugrunyň örän möhümdigini nygtady. Ol Astrahanyň howa menziliniň bu ugurda Türkmenistanyň howa ýollary üçin zerur şertleri üpjün etmäge taýýardygyny tassyklady.

Gepleşikleriň dowamynda Astrahan oblastynyň eýýäm ýer bölegi berlip, degişli şertnamalary baglaşan logistika merkeziniň durmuşa geçirilmegi babatda mümkinçiliklere hem garalyp geçildi.

M.Çakyýew Türkmenistany gämi gurluşygy we deňiz gatnawy kompaniýalary üçin Astrahanyň ýokary okuw mekdepleriniň, hususan-da, Hazar deňzi we derýa ulaglary institutynyň binýadynda hünärmenleri taýýarlamak meselelerine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, oktýabrda Astrahanda geçiriljek halkara foruma Türkmenistanyň gämi gurluşyk, deňiz gatnawy we logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy barada ylalaşyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo