«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji iýuldan soňky içerki gatnawlaryň tertibini hödürledi

MilliInfo

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda 25-nji iýuldan soňky içerki awiagatnawlaryň tertibi ildeşlerimize ýetirildi.

Täze tertibe laýyklykda, has işjeň howa ugry hepdäniň günleri bilen baglylykda, gije-gündiziň dowamynda ýedi uçuşa çenli amala aşyryljak Aşgabat – Daşoguz gatnawy boýunça meýilleşdirilýär.

Awiakompaniýa Aşgabat – Türkmenabat ugrunda gündelik alty uçuşy amala aşyrar.

Aşgabat – Mary ugrunda bolsa hepdäniň günlerine baglylykda, dürli ýygylykdaky dört gatnaw guralar. Aşgabat – Balkanabat ugrunda hem her gün 10:00-da ýola düşjek T5-253 uçuşyny goşmak bilen, dört gatnaw göz öňünde tutulýar.

Galyberse-de, täze meýilnamada Aşgabat – Kerki ugruna uly ähmiýet berilýär.

Awiakompaniýa uçuş wagtynyň üýtgäp biljekdigini duýdurýar. Şol sebäpden hem, ýolagçylara «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtyndan degişli maglumatlary barlamak maslahat berilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info