«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini işe girizýär

MilliInfo
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini işe girizýär

25-nji oktýabrdan Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrylýan halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi işe giriziler.

Täze tertibe görä, paýtagtymyzdan Seula uçuş ozal bir gezek ýerine ýetirilen bolsa, indi hepdede iki gezek amala aşyrylar. Italiýanyň Milan şäherine uçuşlar hem artdyrylar. Olaryň sany ikiden üçe çykarylar.

Kazana uçuşlar ozal dört gezek guralýardy. 25-nji oktýabrdan başlap olaryň hepdede alty gezek ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär.

Aşgabat — Stambul uçuşlarynyň sany hem köpeldiler. Öň 12 gezek ýerine ýetirilen gatnawlar oktýabryň ahyryndan 13 gezek amala aşyrylyp başlanar.

Şol şäherlerden paýtagtymyza tarap gaýdýan uçuşlar hem şol tertipde amala aşyrylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info