«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy oktýabrdan Milan hem-de Jidda şäherlerine howa gatnawlaryny artdyrýar

MilliInfo

«Türkmenistan»  awiakompaniýasynyň resmi saýtynda  hödürlenen  halkara gatnawlarynyň täze tertipnamasynda 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabyryndan Milan (Italiýa) hem-de Jidda (Saud Arabystany) şäherlerine guraljak uçuşlaryň artdyryljakdygy öz beýanyny tapýar.

Şunlukda, Milana guraljak gatnawlar ozal hepdede iki gezekde amala aşyrylýan bolsa, bellenen seneden soň 3 sapar ýerine ýetiriler. Ýolagçylar Italiýanyň Milan şäherine hepdäniň çarşenbe, şenbe hem-de ýekşenbe  günleri ugrap bilerler. Bu ütgeşmeler watandaşlarymyz hem-de ýurdumyzyň myhmanlary üçin amatly gatnaw şertlerini döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Mundan başga-da, Jidda şäherine gatnawlaryň sany köpeldiler. Ozal bu ugra uçuşlar hepdede iki gezek guralan bolsa görkezilen seneden başlap üç gezek — sişenbe, çarşenbe hem-de anna günleri alnyp barlar.

Gatnawlaryň artdyrylmagy uçuşlaryň geografiýasyny giňeltmek hem-de ýolagçylar üçin hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmek boýunça strategiýanyň möhüm bölegidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo