«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň başyndan Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlaryny artdyrýar. Gatnawlar 4-nji ýanwardan ýola goýulýar.
Bu uçuş her hepdäniň ýekşenbe güni guralar. 04:25-de türkmen paýtagtyndan ýola düşjek uçar 05:55-de Abu-Dabi şäherinde gonar. Abu-Dabi şäherinden 07:25-de ugraýan howa gämisi bolsa 09:55-de Aşgabada gelip ýeter.
Birleşen Arap Emirlikleri bilen howa aragatnaşygynyň kämilleşdirilmegi Watanymyzda amatly şertlerdäki gatnawlary amala aşyrmak ugrundaky netijeli işleriň beýanydyr.
