«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, awiakompaniýa tarapyndan ýerine ýetirilýän aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlarynyň 2026-njy ýylyň 15-nji iýunyna çenli togtadylýandygy barada habar berýär:
• Aşgabat — Dubaý — Aşgabat
• Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat
Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bolan senelere üýtgedip bilerler.
Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylaryň awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin petegi satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmagy maslahat berilýär. Şeýle hem, https://turkmenistanairlines.tm/ web sahypasynda we online platformalarynda satyn alnan awiabiletleriň yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna gaýtaryljakdygy mälim edilýär.
Awiakompaniýa ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýar.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
1. Dubai şäheri:
• Telefon belgisi: +971 50 280 05 08
• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com
2. Türkmenistan:
• Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18
• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm