«Türkmenistan» awiakompaniýasy awiasiýa hünärmenlerini işe çagyrýar

MilliInfo
«Türkmenistan» awiakompaniýasy awiasiýa hünärmenlerini işe çagyrýar

Awiasiýa ugrundan ýokary bilimiňiz bolup, öz hünäriňiz boýunça zähmet çekmek isleýäňizmi? Onda bu habar tüýs siziň üçin:

«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleri öz toparyna goşulmaga çagyrýar:

  • Howa gämileriniň we dwigatelleriniň tehniki ulanylyşy;

  • Howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy.

Sizde awiasiýa ulgamynda uly üstünliklere beslenjek zähmet ýoluny gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik bar. Ony elden gidermäň! Halal zähmetiňiz bilen Watanymyzyň awiasiýa ulgamynyň ösüşine mynasyp goşandyňyzy goşuň!

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň agzybir toparynyň bir bölegi bolmak mümkinçiligine eýe boluň!

Has giňişleýin maglumat üçin awiakompaniýanyň işgärler bölümine ýüz tutup bilersiňiz:

+993 (12) 23-47-88

+993 (65) 72-58-43

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info