Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan bolan çagalary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezlerine äkidip-getirmek maksady bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 17—26-njy awgusty aralygynda goşmaça howa gatnawlaryny amala aşyrýar.
Gatnawlaryň çäklerinde 2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenabat — Balkanabat, Daşoguz — Balkanabat we Mary — Balkanabat ugurlary boýunça uçuşlar ýerine ýetirildi.
Olaryň gaýdyş gatnawlary bolsa 26-njy iýulda Balkanabat — Türkmenabat, Balkanabat — Daşoguz we Balkanabat — Mary ugurlary boýunça amala aşyrylar.
Şeýle çäreler tomus dynç alyş möwsüminde çagalaryň netijeli dynç almagyny, saglygynyň dikeldilmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, döwletiň ýaş nesil hakyndaky aladasynyň nyşanydyr.