«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Bu sepgide halkara ýük howa gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini, logistika babatda özüne çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýetilendigini bellemek gerek.
21-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýewiň hasabatynda aýdylşy ýaly, munuň özi halkara ýük howa daşamalary ulgamynda Watanymyzyň ornuny berkitmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge, logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

