«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň tertibini hödürledi

MilliInfo

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje girizilen içerki howa gatnawlarynyň rejesi hödürlenildi.

Şunlukda, Aşgabat — Daşoguz, Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy we Aşgabat — Mary ugurlary boýunça gündelik uçuşlar amala aşyrylýar. Galyberse-de, hepdäniň dowamynda dürli wagtlarda Balkanabat we Kerki şäherlerine yzygiderli uçuşlar ýerine ýetiriler.

Awiakompaniýa hödürleýän hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirýär. Bu hakykat welaýat merkezleriniň arasyndaky göni howa gatnawlarynda öz beýanyny tapýar. Daşoguz — Balkanabat, Türkmenabat — Daşoguz, Mary — Daşoguz we beýleki uçuşlaryň amala aşyrylmagy bilen, ýolagçylar üçin amatly mümkinçilikler üpjün edilýär.

Howa gatnawlarynyň doly tertibi «turkmenistanairlines.tm» saýtynda hödürlenilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo