«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçarbeletleriň alty aýlyk başlangyç okuwyna kabul edýär

MilliInfo

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 6 aý bolan uçarbeletleriň başlangyç okuwyna kabul edişligini yglan edýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resminamalar Aşgabat Halkara howa menzilinde — «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde kabul edilýär.

  • Dalaşgärlerden edilýän talaplar:
    - Türkmenistan raýatlylygynyň bolmagy;
    - Aşgabat şäherinde salgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Ak bugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
    - ýaşy 27-den geçmedik gyzlar hem ýigitler;
    - ýokary bilim baradaky resminamasynyň bolmagy;
    - boýunyň 165 santimetrden pes bolmazlygy;
    - türkmen we rus dillerini erkin bilmegi;
    - Elementary derejeden pes bolmadyk derejede iňlis dili bilimi;
    - beýleki daşary ýurt dil bilimleri hem makullanýar;
    - mylaýym daşky görnüşi;
    - düşnükli/aýdyň sözleýşi;
    - alçaklyk;
    - suwda ýüzmek ukyby;
    - harby şahadatnamasynyň bolmagy (ýigitler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenden soň);
    - hyzmat ediş pudagynda işlemek islegi;

Zerur resminamalar:

1. Pasport
2. Diplom
3. Işleýänler üçin zähmet depderçesi;
4. Harby şahadatnama
5. Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama

Okuw söhbetdeşlikden we lukmançylyk toparynyň barlagyndan soň başlanýar.

Resminamalar 2025-nji ýylyň 5-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41; +99365 -72-58-43

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo