«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýerli uçuşlaryň tertibini täzeledi

MilliInfo
turkmenmetbugat.gov.tm
«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýerli uçuşlaryň tertibini täzeledi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýerli uçuşlaryň täzelenen tertibini (19.06.2026ý) paýlaşdy. Tertipde Aşgabat şäherinden welaýat merkezlerine hem-de sebitlerden paýtagtymyza guralýan uçuşlaryň wagty anyk görkezilýär.

Täzelenen tertibe görä, paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine hem-de bu ugruň tersine gündelik gatnawlaryň dördüsi ýerine ýetiriler. Aşgabatdan Daşoguz hem Türkmenabat şäherlerine we şol ugurlar boýunça paýtagtymyza hem gündelik gatnawlaryň dördüsi amala aşyrylar. Mundan başga-da, Aşgabatdan Mary, Balkanabat we Kerki şäherlerine sazlaşykly uçuşlar halkymyzyň hyzmatynda bolar.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden, Daşoguz, Türkmenabat, Mary Balkanabat, Türkmenbaşy hem-de Kerki aeroportlaryndan ýerine ýetiriljek ýerli uçuşlar bilen doly tanyşmak üçin şu çeşmeden peýdalanyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info