«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary indi 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

MilliInfo

2 sagat öň

6-njy maýdan «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Frankfurt halkara howa menziline amala aşyrylýan uçuşlaryň 3-nji terminaldan ýerine ýetiriljekdigi habar berilýär. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylara özbaşdak hasaba alyş (self check-in) hyzmatlaryny 3-nji terminalda amala aşyrmak we uçuş üçin degişli gapylara geçmek maslahat berilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçuş terminalyňyzy öňünden barlamagyňyzy haýyş edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info