«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň howa gatnawlarynyň kämilleşdirilen tertibi bilen tanyş boluň!

MilliInfo

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň dünýäniň 14 şäherine göni uçuşlary öz içine alýan giňeldilen tertibi 26-njy oktýabrdan soňky gatnawlaryň ugruny hem-de wagtyny utgaşdyrýar. Uçuşlaryň tertibi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de Ýewropanyň iň bir möhüm ugurlaryna howa gatnawlaryny özünde jemleýär.

Hususan-da, kompaniýa Günorta-Gündogar we Gündogar Aziýa ugurlary boýunça, şol sanda Pekin, Seul, Bangkok, Hoşimin we Kuala-Lumpur şäherlerine uçuşlaryň kämilleşdirilen tertibini hödürleýär hem-de Deliniň (Hindistan) üsti bilen Günorta Aziýa uçuşlary giňeldýär.

Mundan başga-da, Dubaý we Abu-Dabi, şeýle hem Jidda şäherlerine howa gatnawlary sazlaşykly dowam etdiriler. Ýewropa ugurlary boýunça bolsa London, Maýn boýundaky Frankfurt we Milan şäherlerine uçuşlaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ozalkysy ýaly, Stambul we Kazan şäherleri möhüm ugurlar hökmünde eýeleýän ornuny saklap galar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo