Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurmaga girişdi

MilliInfo

Şu gün — 7-nji oktýabrda Azerbaýjanyň iň gadymy şäherleriniň biri hasaplanýan Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammiti geçirildi. Sammitiň yzysüre, wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» elektron gazeti habar berdi.

Ähmiýetli waka türki döwletleriň umumy taryha, medeniýete we ruhy mirasa esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. 

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew dabarany açyk diýip yglan edip, Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin hoşallyk sözleri bilen çykyş etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözläp, Fizuli şäherinde guruljak metjidiň türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Dabara metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdiler.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlaryň wekiliýet Baştutanlarynyň ählisiniň bir wagtda ekrana basmak arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Dabara metjit barada taýýarlanan ýörite wideorolige tomaşa etmek bilen tamamlandy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen we azerbaýjan halklary öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap hem-de gorap gelýän halklardyr. Yslam dini bolsa halklarymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Adamlary halallyk, ynsanperwerlik, ak ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda yslam dininiň ähmiýeti uludyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanda hem, Azerbaýjanda hem sogap işleriň amal bolýan ýeri hasaplanýan metjitleriň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda Fizuli şäherinde döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, infrastruktura desgalarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Bu ýerde düýbi tutulan metjit bolsa Türkmenistanyň doganlyk azerbaýjan halkyna ynsanperwer sowgadydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna guruljak bu metjidiň gurluşygyny «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy ýerine ýetirer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo