Türkmenistan Aziýanyň «Silk Way Star» wokal bäsleşigine wekilçilik etdi

MilliInfo

3 Sentýabr, 2025

Astanada giň gerimli «Silk Way Star» aýdym-saz taslamasynyň surata düşüriliş işleri başlandy. Munuň özi Aziýanyň 12 döwletiň zehinli ýerine ýetirijilerini bir ýere jemleýän ilkinji wokal bäsleşigidir. Oňa Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Malaýziýa, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Günorta Koreýa ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşýar.

Bu abraýly halkara sahnasynda Türkmenistana zehinli aýdymçy we kompozitor Döwran Şammyýew wekilçilik edýär.

Ýaş artist Watanymyzda giňden tanalýar. Ol dürli sahnalarda çykyş edip, köp sanly baýraklara mynasyp bolan ussat ýerine ýetirijidir. Döwran Şammyýew Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygyndaky jaz-orkestriniň solisti hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi hem-de beýleki möhüm sylaglara eýe boldy. Ol hakyky köpugurly zehini bilen tapawutlanýan sungat işgäridir. Döwran Şammyýew jazdan, rokdan başlap, nusgawy we mýuzikl ugurlaryna çenli dürli aýdym-saz žanrlarynda çykyş edýär, şeýle-de jemgyýetçilik taslamalaryna işjeň gatnaşýar.

«Silk Way Star» bäsleşiginiň eminler düzümine bolsa ýurdumyzyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Rasul Klyçew wekilçilik edýär. Ol Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň görnükli dirižýory hökmünde tanalýar. R.Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestri Wenada geçirilen Dünýä festiwalynyň Altyn baýragyny gazandy. Rasul Klyçew öz işiniň professionaly hökmünde kärdeşleri bilen bilelikde dünýäde täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam berer.

Guramaçylaryň bellemegine görä, «Silk Way Star» taslamasy diňe bir bäsleşik bolman, eýsem, medeni alyş-çalşygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen täze platformadyr. Umuman, 10 epizod surata düşüriler, gazak, hytaý we iňlis dillerindäki göni goýberiliş arkaly taslamanyň tomaşaçy sany bir milliarddan geçer. Diňe iň gowy ýedi gatnaşyjy jemleýji bäsleşige — 22-nji noýabrda göni efirde geçiriljek Grand-finala gatnaşar.

Türkmenistanyň ähli aýdym-saz jemgyýeti, şeýle-de müňlerçe muşdaklar Dowran Şammyýewiň çykyşlaryny tolgunma we umyt bilen yzarlaýar. Watandaşlarymyzyň zehinli aýdymçymyzy goldamak üçin ýollaýan jümlelerinde bolsa milli şygarymyza öwrülen, şeýle-de 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynyň senasy bolup ýaňlanan Gahryman Arkadagymyzyň aýdymynyň ajaýyp setiri «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen sözler beýan edilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo