Türkmenistan — BAE: medeniýet we KHBS ulgamlarynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

MilliInfo

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri meseleleri boýunça orunbasary Bahar Seýidowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.⠀

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýurtlaryň iki halkyň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky gatnaşyklara hem möhüm orun degişlidir.

Nobatdaky duşuşyk taraplaryň arasyndaky mizemez dostlugyň hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyň täze derejä eýe bolýandygyny tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo