Türkmenistan bilen Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

MilliInfo
Türkmenistan bilen Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Şu gün — 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary yzygiderli syýasy-diplomatik dialogyň we iki ýurduň arasynda dostlukly hem-de konstruktiw gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

***

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Resminama iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini göz öňünde tutýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info