Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Milletler köşgünde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.
Umumy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň wekilýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edildi, bu bolsa ýurtda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny we erkinliklerini kepillendirmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegine şert döredýär.
Çykyşda halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn ünsi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe süren «2028-nji ýylyň Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky ählumumy başlangyjyna gönükdirildi. Bu giň gerimli başlangyç häzirki döwürde hukugyň üstünligini pugtalandyrmaga we döwletleriň öz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.
Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyzyň we dünýä halklarynyň parahatçylygy hem-de asudalygy üçin durmuşa geçirýän beýik işleriniň aýdyň subutnamasyna öwrülendigi bellenilip geçildi. Bu ynsanperwer syýasatyň durmuşa geçirilýän ýyllarynyň dowamynda 32 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldy, 5 müňden gowrak adama bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Türkmen tarapy migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge, özara hereketleriň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge, sanly maglumat we tejribe alyşmagy ösdürmäge, şeýle hem durnukly ösüş we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda halkara maksatnamalaryny hem-de başlangyçlaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Mejlisi öz işini 16-njy oktyabra çenli dowam eder.
