Türkmenistanyň futbol boýynça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2026-nyň Iordaniýanyň Amman şäherinde dowam edýän saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny hem ýeňiş bilen jemledi. Şunlukda, ýaşlar ýygyndymyz Butany 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Türkmen ýygyndysyndan 12-nji minutda S.Durdyýew hasaby açdy. 90+3-nji minutda D.Merdeowyň geçiren goly bolsa oýnuň gutarnykly ykbalyny kesgitledi — 2:0.
Şeýlelik bilen, Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny hem ýeňiş bilen jemlän Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysyny utaklarynyň sanyny 6-a ýetirdi.
Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy indiki duşuşygyny 9-njy sentýabrda Iordaniýanyň ýaşlar düzümine garşy geçirer.