Şu günler 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda dabaraly çäreler, maslahatlar, sergiler geçirilýär. Munuň özi ýowuz urşa gatnaşanlara hem-de olaryň yzynda galyp, mukaddes ýar ojagyny saklan mähribanlara goýulýan belent hormat-sarpany alamatlandyrýar.
Watan üçin janyny gurban eden milli gahrymanlary sarpalamak türkmen jemgyýetiniň mizemez däpleriniň biridir. Şoňa görä-de, 9-njy maý ýakynlaşdygyça, ýurdumyzda dürli medeni çäreleriň geçirilmegi giň gerime eýe bolýar. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Hakyda ýazylan ýatlamalar» atly sergi guraldy. Serginiň girişi hormatly Prezidentimiziň portreti, Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan Döwlet nyşanlarynyň fotosuratlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Beýik Ýeňiş barada aýdan pähimli sözleri bilen açylyp, ol Garaşsyzlyk döwrümizi, Watanymyzyň parahatçylygyny wasp edýän zergärçilik eserleri bilen dowam edýär.
Türkmen halky Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşdy. Urşuň ýowuz ýyllarynda edermen türkmen ýigitleriniň müňlerçesi doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweşip, gahrymançylyk görkezdiler. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu gün türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň, borja wepalylygyň nusgasy bolup durýar. Sergide Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen suraty, Milli Liderimiziň halkymyz tarapyndan söýlüp okalýan eserleri ýerleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary, şol döwre degişli dürli serişdeler we esger esbaplary görkezilýär.
Bu ýerde uruş ýyllarynda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetläp tiken ýyly egin-eşiklerini, altyn-kümüş bezeg şaýlaryny tabşyryp duran pursatlaryny görkezýän dokumental fotosuratlary synlamak bolýar. Söweşe gatnaşyp, gahrymançylyk görkezen Gurban Durdynyň, Aýdogdy Tahyrowyň, Allaberdi Agalyýewiň fotоsuratlary Watany goramagyň belent nusgasy hökmünde sergini görmäge gelenlerde aýratyn täsir galdyrýar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Gahrymanlarymyza hormat» ady bilen guralan sergide uruş ýyllarynyň çeper beýany, halkymyzyň sarsmaz ruhy şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşli eserleriniň üsti bilen açylyp görkezilýär. Sergide ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleri ýerleşdirildi.
Ýeňiş güni mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Beýik Ýeňiş — baky şöhrata beslenen gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň öçmez nusgasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işi umumy mejlisden hem-de bölümçelerden ybarat boldy.