Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 6—8-nji sentýabr aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda iş saparynda boldy.
Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri F.Sadeg we ministriň orunbasary, Demir ýol edarasynyň müdiriýetiniň başlygy J.Zakeri bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary wagonlary dolandyryş merkezi we Tähran şäherinde ýerleşýän «Aprin» gury portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda demir ýol pudagy boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususanda, üstaşyr geçýän ýükleriň dolanşygyny artdyrmak boýunça degişli teklipler berildi. Şunda, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň hem-de Aşgabat ylalaşygy (Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman) halkara geçelgesiniň işjeňligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky ýük dolanşygyny giňeltmek boýunça demir ýol ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmak hem-de Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak boýunça hem maslahat edildi.
Mundan başga-da, taraplar Akýaýla — Inçeburun demir ýol geçelgesine baryp gördüler we ol ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar.