Türkmenistan FIFA-nyň reýtinginde iki basgançak öňe süýşdi

MilliInfo

19 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde 2 basgançak öňe süýşüp, 138-nji orna geçdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 1087 balla eýelik edýär. Reýtingiň sanawynda jemi 210 milli ýygyndy bar.

FIFA-nyň täzelenen reýtinginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Latwiýanyň (137-nji orun, 1088 ball) hem-de Botswananyň (139-njy orun, 1087 ball) ýygyndylarynyň aralygynda ýerleşýär. 

Täzelenen reýtinge görä, Aziýanyň ýygyndylaryndan iň ýokary orny Ýaponiýa (19-njy orun) eýeleýär. Aziýanyň güýçli ýygyndylarynyň üçlügine Eýran  (21-nji orun) we Koreýa Respublikasy (23-nji orun) girýär.

Ýeri gelende bellesek, awgust we sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy MAFA-2025-iň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşdy we 3 duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy indiki duşuşygyny 9-njy oktýabrda Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynda myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndysyna garşy geçirer. Oýnuň jogap duşuşygy 14-nji sentýabrda Aşgabat bolar.

FIFA-nyň reýtinginiň birinji basgançagyny bolsa häzirki dünýä çempiony bolan Argentinanyň milli ýygyndysy iki ýyldan soň Ispaniýa tabşyrdy. Ispaniýa bu görkezijä 2014-nji ýyldan soňra ilkinji gezek mynasyp boldy. Argentina bolsa Ekwadordan ýeňilmeginiň netijesinde Fransiýadan soňra üçünji orunda ýerleşdi. Dördünji orny Angliýa, bäşinji ýeri bolsa Portugaliýa eýeledi.

Bu sanawda iň uly ösüşi görkezen Slowakiýanyň milli ýygyndy topary boldy. Ýygyndy soňky duşuşygynda Germaniýany 2:0 hasabynda utup, 10 basgançak (42-nji orun) ýokary galdy. Italiýa gaýtadan ilkinji onluga girmegi başardy. Sanawda iki basgançak ýokary galan Kanada bolsa öz taryhynda iň ýokary basgançagyna çykdy. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo