25-nji oktyabrda Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Geljege maýa goýum» ady bilen 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Kataryň Premýer-ministri, dașary işler ministri, birnäçe döwletiň ýokary derejeli hökümet wekilleri, şol sanda ministrler, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.
Ähmiýetli foruma Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky topar wekilçilik etdi.
Türkmen wekiliýeti şol gün forumyň çäginde geçirilen ministrler derejesindäki maýa goýumlar baradaky sessiýa gatnaşdy. N.Agahanow öz çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada belläp geçdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge berilýän ähmiýet hakynda beýan etdi.
