Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary CAFA Milletler kubogynyň «A» toparçasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň «Jar» stadionynda geçirilen duşuşykda ildeşlerimiz Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyna garşy çykdylar.
Yzygiderli guralýan hüjümler ýygyndylaryň ikisiniň hem ýeňşe ymtylandygyny görkezdi. Birinji ýarymyň ahyrynda ýagdaý has-da dartgynlaşdy. 44-nji minutda Ildeşimiz Wepa Jumaýew ýygyndy toparymyzy öňe çykardy — 1:0. Emma bu hasap uzak saklanmady. Gyrgyz Respublikasyndan Žoel Kožonyň 45-nji minutda geçiren goly birinji ýarymyň deňlikde tamamlanmagyny şertlendirdi.
Ýiti hüjümleriň birnäçesiniň bellige alnandygyna garamazdan, ikinji ýarymda taraplaryň hiç birine hasaby üýtgetmek başartmady. Şunlukda, oýun 1:1 hasabynda jemlendi.
Bu duşuşykdan soň Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bir utuk toplady. Türkmen ýygyndysy indiki duşuşygyny 2-nji sentýabrda Özbegistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.

