Türkmenistan — Hytaý: tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy boldy

MilliInfo

Şu gün — 25-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer.

Resminama Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin gol çekdi.

Gol çekilen resminama tejribe alyşmagy, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryna ösen innowasion çözgütleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo