9-njy dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada «TDH» habar berdi.
Dabaranyň barşynda uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýan bu resminamanyň dürli ugurlarda geljekki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem gönükdirilendigi bellenildi.
Resminamada berkidilen maksatlar geljekde taraplaryň bilelikdäki önjeýli işleri üçin şertleri döreder.
Duşuşygyň dowamynda sosial we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, şeýle hem medeniýet we sungat ugurlarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň wajyplygy nygtaldy.
