Türkmenistan we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hyzmatdaşlygy Ähtnamalaryň bäşisi bilen pugtalandyrdy

MilliInfo
Türkmenistan we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hyzmatdaşlygy Ähtnamalaryň bäşisi bilen pugtalandyrdy

28-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalara, sebitleýin ulag geçelgelerini ilerletmäge ýardam etmek bilen bagly meselelere garadylar.

Duşuşykdan soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýerde möhüm resminamalara gol çekildi:

  • 2027 — 2032-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ÝTÖB-niň Türkmenistandaky işiniň ileri tutulýan esasy strategik ugurlary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda bank ulgamyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň eksporta gönükdirilen ösüşini we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ÝTÖB-niň «Ýaşyl» şäherler» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info