Türkmenistan we Ýewropanyň maýa goýum banky möhüm taslamalaryň hukuk binýadyny taýýarlaýar

MilliInfo

4 Sentýabr, 2026

Türkmenistan we Ýewropanyň maýa goýum banky möhüm taslamalaryň hukuk binýadyny taýýarlaýar

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy 3-nji sentýabrda Ýewropa maýa goýum banky bilen çarçuwaly ylalaşygyň ýazgysyny ylalaşmaga bagyşlanan edaralaryň arasyndaky onlaýn gepleşikleriň geçirilendigini habar berdi.

Maslahatlaşmalara Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankynyň, Adalat ministrliginiň we Ýokary kazyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. ÝB tarapyndan Ýewropa maýa goýum bankynyň baş edarasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasynyň we bankyň Merkezi Aziýa boýunça Daşkentdäki sebit edarasynyň bilmenleri bu ara alyp maslahatlaşmalara goşuldylar.

Çarçuwaly ylalaşygyň kabul edilmegi bankyň ýurtda resmi amalyýet we karz bermek işine başlamagy üçin hökmany hukuk şerti bolup durýar, bu barada ozal Ýewropa maýa goýum bankynyň ýolbaşçylary habar beripdi. Institusional binýadyň resmileşdirilmegi Türkmenistana giň gerimli taslamalary amala aşyrmak üçin Ýewropa maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge mümkinçilik berer.

Geljekki maýa goýum maksatnamalarynda esasy üns ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we ekologiýa standartlaryny ornaşdyrmaga berler.

Ýewropa Bileleşiginiň 1958-nji ýylda döredilen esasy döwlet karz edarasy bolan Ýewropa maýa goýum bankynyň türkmen bazaryna çykmagy, şeýle hem ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen durnukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça «Global Gateway» global strategiýasynyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info