Ilçi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Mobillik we ulag baradaky Baş müdirliginiň Baş direktorynyň orunbasary Maýa Bakran Marçiç bilen duşuşdy.
Maslahatyň merkezinde ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, Hazarüsti ugruny berkitmek we «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy ilerletmek meseleleri boldy. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly geçelgeleri kemala getirmekde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň we Türkmenistanyň milli infrastrukturasynyň strategik orny nygtaldy.
Taraplar diňe bir infrastruktura taslamalarynyň däl, eýsem, sanlylaşdyrmagyň, amallary ýönekeýleşdirmegiň we sazlaşyklylygy ýokarlandyrmagyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem mobillik we durnukly syýahatçylyk, şol sanda elektron wiza çözgütlerini ornaşdyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Yzygiderli we işjeň hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa sebiti üçin täze mümkinçilikleri açýar we Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär.