Türkmenistan we Gruziýa hyzmatdaşlygyň çygryny giňeldýär

MilliInfo

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Gruziýa bardy. Saparyň çäklerinde onuň Gruziýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

21-nji oktýabrda Raşid Meredowyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn  hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem köptaraplaýyn formatdaky, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen hem duşuşygy geçirildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy dialogy berkitmek, ikitaraplaýyn ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we duşuşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Gruziýanyň BMG-niň çäklerinde birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandyklary we olaryň awtordaşlary hökmünde çykyş edýändikleri bellenildi.

Gruziýanyň Parlamentinde bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurduň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny we ýokary depgin bilen ösýändigini bellenildi.

Taraplar gatnaşyklary deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanmak arkaly mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, iki ýurduň halklarynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Mundan başga-da, Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Maka Boçorişwiliniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Bu ýerde syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda ministrler ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň ähmiýetini hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmeginiň wajyplygyny bellediler. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar özara medeni çäreleri geçirmek arkaly bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo