Türkmenistan bagbançylyk ulgamyndaky gazananlaryny «Green EXPO 2027» sergisinde hödürlär

MilliInfo

23-nji martda «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda 2027-nji ýylyň 19-nji marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem 2027-nji ýylyň dowamynda geçiriljek «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagyny utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň baş komissariat hökmünde bellenendigi barada habar berildi.

Ýapon tarapy Türkmenistanyň bu halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmak meýilleri üçin minnetdarlygy beýan etdi hem-de guramaçy assosiasiýanyň ýurdumyzyň bu çärä üstünlikli gatnaşmagy üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygy nygtaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info