Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

MilliInfo

Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bojnurd şäherinde maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan milli maslahat geçirildi. Forumyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti Jafar Gaempana, Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri, Türkmenistanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Gaýypow, Mejlis deputatlary hem-de beýleki resmi wekiller çykyş etdiler.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň ilçisi bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky ýokary derejeli saparlaryň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Şonuň bilen birlikde, şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyň ähmiýeti we çuň mazmuny bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo