15-nji fewralda Tähranda Türkmenistanyň ilçisi Ylýas Gaýypowyň Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Majid Tahtrawançi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Taraplar Eýranyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki täze özara saparlary guramak boýunça meýilnamalar bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyga we bu sebitde geçiriljek geljekki köptaraplaýyn çärelere taýýarlyk görmäge aýratyn üns berdiler.
Bu ýerde Hökümetara toparyň orny nygtaldy we onuň Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülmegi, şeýle hem sebitara formatda biznes-forumlary we sergileri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň DIM-leriniň arasyndaky yzygiderli syýasy geňeşmeleriň netijeliligi tassyklanyldy.
Ilçi eýran tarapyna Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilendigi barada maglumat berdi we ahalteke mirasynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini aýratyn belledi.
Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugruny tassykladylar.