Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşdy.
Duşuşykda türkmen tarapy bilimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, Türkmenistanyň 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady ösüş Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşýandygy bellenildi.
Taraplar türkmen-italýan dialogynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde Italiýanyň Aziýa instituty bilen geçirilen soňky duşuşygyň möhüm ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu duşuşyk iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkitdi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň italýan bilim taslamalarynyň çäginde halkara bilim maksatnamalaryna we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşygynyň giňelýändigi bellenildi. Gysga möhletli dil we medeni ugurly okuwlary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe geçişleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» ýaly taslamalary hem-de sebitleýin başlangyçlary yzygiderli amala aşyrylýar. Bu maksada gönükdirilen işleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilip, öňdebaryjy halkara tejribesiniň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.
Duşuşykda hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklara esaslanýan bilim hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesine, türkmen ýokary okuw mekdeplerinde italýan diliniň okadylmagyna, bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine we medeni-ynsanperwer çäreleriň guralmagyna aýratyn üns berildi.
Gepleşikler taraplaryň Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda bilim we medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Konstruktiw pikir alyşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, türkmen tarapy italýan mekdep okuwçylaryny we talyplaryny mart-aprel aýlarynda geçiriljek matematika boýunça halkara olimpiadalara gatnaşmaga çagyrdy.