27-nji aprelde Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow Neapol şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Fridrih II adyndaky uniwersitetiň rektory Matteo Lorito bilen geçirilen gepleşikler saparyň esasy bölegi boldy. Taraplar agrar pudagynda, ylymda we ekologiýada özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler, şeýle hem bilelikdäki bilim taslamalarynyň hukuk binýadyny döretmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Sanlylaşdyrma meselesine aýratyn üns berildi: «Apple Developer Academy» akademiýasynyň direktory Jorjo Wentre bilen geçirilen duşuşykda türkmen programmistlerini we IT-tehnologiýalary boýunça hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sapar bellenilen meýilnamalary jikme-jik durmuşa geçirmek üçin alymlaryň we mugallymlaryň wekiliýetlerini alyşmak baradaky ylalaşyk bilen tamamlandy.