ÝUNESKO Türkmenistana hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi

MilliInfo

Şu gün — 28-nji awgustda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalar boýunça institutynyň direktory Tao Žan duşuşdy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen duşuşyga ÝUNESKO-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça AIW we saglygy goraýyş boýunça sebit geňeşçisi Tigran Ýepoýan, şeýle-de mugallymlar üçin emeli aň we maglumat-media sowatlylygy boýunça maksatnamanyň hünärmeni Tatýana Murowana hem gatnaşdy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň duşuşyga gatnaşan degişli bölümleriniň wekilleri milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlary we bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan başlangyçlar barada çykyş etdiler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginiň syýasy ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu ýagdaý ýurdumyzda häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň ösdürilmegine we BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşmagyna laýyk gelýär. Taraplar bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝUNESKO tarapyndan hyzmatdaşlygyň täze ugurlary teklip edildi. Olar bilim infrastrukturasynyň ösdürilmegi, mugallymlaryň emeli aň bilen baglanyşykly başarnyklarynyň ösdürilmegi, bilim ulgamynda bahalandyrma işlerinde emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy, «ömür boýy bilim almak» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, şol sanda uly ýaşlylar üçin niýetlenen okuw programmalarynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň işine intellektual bot ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy ýaly ugurlardyr.

Mundan başga-da, ÝUNESKO wekilleri ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, mekdep okuwçylarynyň arasynda sagdyn endikleri ösdürmek, ene-atalaryň çagalara bolan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegi teklip etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info