Türkmenistan we ÝUNISEF hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

MilliInfo

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary — bilim, durmuş goraglylygy we durnukly ösüş boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝUNISEF-iň 2026 — 2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar mekdebe çenli bilimi ösdürmek meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şeýle hem jemgyýetçilik işi ulgamynyň ösdürilmegine degişli meseleler, şol sanda hünärmenleri taýýarlamak, täze iş orunlaryny döretmek we institusional gurallary kämilleşdirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info