Türkmenistan we ÝUNISEF 2026—2030-njy ýyllar üçin bilim hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

MilliInfo

17-nji fewralda  Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2026—2030-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda çaganyň irki ösüşini, inklýuziw bilimi ösdürmegi, şeýle hem bilim ulgamynda howa durnuklylygy we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak meseleleri boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda agzalan ugurlar boýunça ýetilen sepgitler barada durlup geçildi.

Duşuşykda çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýany taýýarlamak we ýurduň 55 mekdebinde başlangyç synpa taýýarlyk boýunça synag maksatnamasyny durmuşa geçirmek, «Ýaşyl mekdep» bilelikdäki maksatnamany üstünlikli amala aşyrmak, inklýuziw bilim boýunça alnyp barylýan synag işleriniň gerimini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli bölümleri bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynda ýakyn utgaşykly işlemäge taýýardygy tassyklandy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanda her bir çaganyň hukuklarynyň üpjün edilmegine hem-de iň gowy bähbitlerine  gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara taýýarlygy tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info