Türkmenistan we Katar sport hem-de ýaşlar syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

MilliInfo
Türkmenistan we Katar sport hem-de ýaşlar syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň sport we ýaşlar ministriniň orunbasary Ýasser bin Abdulla Al Jamal bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi söhbetdeşini Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ýokary derejeli çäreler barada habardar etdi.

Taraplar ýaşlar syýasaty we bedenterbiýe ulgamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we has-da çuňlaşdyrmagyň giň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler köptaraply gepleşikleri işjeňleşdirmäge, bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary amala aşyrmaga, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga özara gyzyklanma bildirdiler.

Döwletara hereketleriň esasy ugurlaryny ilerletmekde we her iki döwletiň ýaş nesliniň sazlaşykly ösmeginde dostlukly gatnaşyklaryň möhüm orny bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info