Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda, «Türkmengaz» döwlet konsernine Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny artdyrmak maksadyndan ugur alýar.
Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.