Türkmenistan we Gyrgyzystan bilim hakynda diplomlaryň özara ykrar edilmegi bilen bagly meseläni maslahatlaşdy

MilliInfo

24-nji fewralda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelýändigi, şeýle hem tejribe alyşmagyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi. Gyrgyzystanly okuwçylar şu ýylyň 8–13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän mekdep okuwçylarynyň arasyndaky III Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyryldy. Bu halkara bäsleşiginiň geçýän döwründe Gyrgyz Respublikasynyň Bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş saparyny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz tarapy türkmen wekiliýetini Çarwadarlaryň 6-njy Bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşykda şeýle hem diplomlaryň özara ykrar edilmegi we orta hünär bilimi ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info