Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Nýu-Ýorkda Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçy Eziz Döwletow hem gatnaşdy.
Taraplar sport hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň we sportuň bu görnüşiniň düzümini ösdürmegiň mümkinçiliklerini gözden geçirdiler.
Duşuşygyň dowamynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany taýýarlamaga, degişli guramalaryň arasynda hünär tejribesiniň alşylmagyny giňeltmäge, şeýle hem 2027-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda ITF-niň howandarlygynda ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlary geçirmek başlangyjyna aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar ýurduň BMG-niň sport diplomatiýasyna goşýan goşandyny ara alyp maslahatlaşdylar we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
