11-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) mynasyp zähmet meseleleri boýunça Tehniki goldaw toparynyň we Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Edarasynyň direktory Mihail Puşkin bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de hyzmatdaşlygy geljek ýylda ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu nukdaýnazardan, Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň halkara düzümleri bilen ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň aýratyn bir meselesi HZG-niň wekili hanym Çidi Kingiň gatnaşan “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň roly: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýolunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat boldy.